MEDENIÝET

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

2022-nji ýyl boýunça edebiýat ugry babatda Nobel baragyna fransiýaly ýazyjy Anni Erno mynasyp boldy. Bu barada Nobel komiteti boýunça şwed akademiýasy habar berdi.

Anni Erno 1940-njy ýyda Normandiýa sebitiniň Lillbonn şäherinde dünýä indi. Ýazyjynyň ýaşlygy Iwto şäherinde geçdi we şol ýerde onuň maşgalasynyň kiçijik kafesi bar eken. Ol şol ýerde katolik mekdebinde okaýar.

Ol 1960-njy ýylda London şäherinde ilkinji romanynyň üstünde işläp başlaýar we ol romany çap edilmän galýar. Ol Fransiýada gaýdyp gelip, pedagogika boýunça synag tabşyryp, fransuz dili boýunça mugallym bolup zähmet ekýär.

1974-nji ýylda Erneonyň ilkinji kitaby bolan “Boş tekjeler” atly kitaby çap edildi. 1983-nji ýylda bolsa, merhum kakasynyň durmuşy bilen baglanyşykly bolan wakalara esaslanan “Ýer” atly romany çap edildi.

Onuň başga-da birnäçe eserleri çap çykdy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy