SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna hem-de Belarus Respublikasyna adaty uçar gatnawlaryny ýola goýýar.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine adaty gatnawlar şu gün başlaýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu gatnawlar üçin biletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn almak bolar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugynyň habar bermegine görä, Aşgabat-Stambul ugry boýunça biletiň bahasy 6825 manada deňdir.

Türkiýeden bilet almak üçin Stambuldaky howa menzilinde ýerleşýän “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryna ýüz tutup bolar.  Bilet satyn almak üçin Baş konsullygyň sanawynyň zerurlygy ýok we gönüden-göni Stambuldaky “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn alyp bolýar. Şu wagtdaky ýagdaýda onlaýn  bilet satuwynyň ýokdygyny bellemek isleýäris.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 15-nji oktýabryndan Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherine hem adaty gatnawlary yzygiderli tertipde ýola goýýar.

Awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugynyň habar berşi ýaly, Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahasy hem 6825 manatdyr.

Bellik: Türkiýeden we Belarusdan Türkmenistana gelmek üçin biletler şol ýurtlardaky “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn almaly.

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär