Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Çernobbio şäherinde Italiýanyň “İl Sole 24 Ore” gazetine interwýu berdi.
Italiýanyň neşirine beren interwýusynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” känini özleşdirmek babatda kabul edilen çözgüdiň taryhy çözgüt bolup durýandygyny bellän Prezident Ilham Aliýew bu barada şeýle diýdi: “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň bilelikde “Dostluk” känini özleşdirmek çözgüdini taryhy çözgüt hökmünde kabul edýärin. Biz bu çözgüdi iki ýurduň milli bähbitleri we doganlyk gatnaşyklarymyza esaslanyp, kabul etdik. Bu tebigy gaz däl, eýsem esasy nebit ýatagydyr”.

TransHazar taslamasy babatda hem durup geçen Ilham Aliýew bu taslamanyň köp ýyldan bäri ara alyp maslahatlaşylyp gelýändigini belläp, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardyklaryny belledi.
Aliýew Azerbaýjanyň tassyklanan gorunyň 2,6 trillion kubmetr tebigy gaza deňdigini belläp, Ýewropa 20 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz ibermek mümkinçiligine eýediklerini aýtdy.
Azerbaýjanyň Prezidenti üstümizdäki ýylda umumy tebigy gaz eksportunyň 22-23 milliard kubmetre deň boljakdygyny belläp, diňe bir Ýewropa bazaryna däl, eýsem Türkiýä we Gruziýa ýaly ýurtlara hem tebigy gaz iberýändiklerini aýtdy.
