SPORT

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary: türkmen türgenleri medal gazanmagy dowam edýärler

Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda medal gazanmagy dowam etdirýärler. Türkmen türgenleriniň nobatdaky medaly sportuň grek-rim görnüşi boýunça guralan bäsleşiklerinde gazanyldy.

Mundan ozal, Ýulduz Jumabaýewa we Kristina Şermetowa agyr atletika ýaryşlarynda öz agramlarynda çykyş edip, ýurdumyza medallar gazandyran bolsa, grek-rim göreşi boýunça 63 kilogram agram derejesindäki ýaryşda Azatjan Açilow bürünç medalyň eýesi boldy.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň resmi saýtyndaky habara görä, grek-rim göreşi boýunça 63 kilogram agram derejesindäki ýaryşda eýranly türgen Şirzad Ali gyrgyz türgeni Tynar Şarşenbekowy 4:2 hasbaynda ýeňip altyn medala mynasyp boldy.

Bürünç medallary türkmen türgenleri Azarjan Açilow bilen täjik türgeni Firuz Mirzorajabow eýelediler.

Related posts

Dünýäniň iň garry grossmeýsteri aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň çempionatyny dowam etdirmegiň ähtimallyklary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Ýüpek ýoly” rallisini guramagy meýilleşdirýär