SPORT

Ispaniýanyň çempionatyny dowam etdirmegiň ähtimallyklary

Ispaniýanyň futbol boýunça million çempionatynyň (La Liga) ýolbaşçylary 2019-2020-nji ýylyň möwsümini tamamlamagyň ähtimallyklaryny gözden geçirýär. “Marca” gazetiniň neşir etmegine görä, 3 sany ähtimallyk bar.

Olar şeýle:

  • Möwsüm maý aýynyň ortalarynda başlar we iýul aýyna çenli tamamlamak üçin hepdede 3 duşuşyk geçiriler.
  • Duşuşyklar tomusda başlap, sentýabr aýyna çenli dowam eder.
  • Duşuşyklar sentýabr aýynda başlar. Çempionatyň indiki möwsümi yza süýşüriler.

Ispaniýanyň çempionaty 12 martda ýiti respirator keseli sebäpli togtadylypdy. Şoňa çenli 38 tapgyryň 27 tapgyry boýunça duşuşyklar geçirildi.

Related posts

96 ýyldan soňra Olimpiýa oýunlarynda gazanylan uly hasaply ýeňiş

Azmun bilen gyzyklanýanlar köpelýär

De Bruýneniň karýerasyndaky ilkinji “poker”

Ata Watan Eserleri