SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sport maşklary ömrüň dowamlylygyny artdyrýar

Täze gözlegiň netijesine görä, has uzak ýaşamak üçin has köp maşk etmegiň zerur bolup durýandygy mälim edildi. “CNN Health” neşiriniň geçiren gözlegiň netijesine görä, edilýän maşklaryň möçberi ömrüň dowamlylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, ulular hepdede 150-300 minut adaty bedenterbiýe bilen meşgullanmaly ýa-da hepdede 75-150 minut güýçli maşk etmeli.

Soňky barlaglara görä, bu wagtdan köp maşk edýänler, maşk etmeýänlerden has uzak ýaşaýandygy mälim eidldi.

Ylmy barlagçylar ulularyň 116 müňden gowragyny Ameirkanyň Ýürek jemgyýetiniň “Circulation” žurnalynyň geçiren synagyna tabyn etdi. Bu synaga gatnaşan adamlar soňky 30 ýylyň dowamynda boş wagtlarynda nähili sport maşklaryny edendiklerini habar berdi. Ylmy barlagçylar sarp edilen döwür bilen maşklaryň ýygylygyny ölçediler.

Bir hepdede 150-300 minut aralygynda işjeň sport bilen meşgullanýanlaryň ýa-da 300-600 minut aralygynda orta sport bilen meşgullanýanlaryň uzak ýaşaýandygyny anykladylar.

Garward uniwersitetiniň jemgyýetçilik saglygy bölüminiň habaryna görä, ortaça maşklar çalt ýöremek, tennis oýnamak ýaly çäreleri öz içine alýar, güýçli sport görnüşleri bolsa ylgamak ýa-da futbol oýnamak ýaly çäreleri öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi