DÜNÝÄ

Prezidentleriň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we teklipler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Şeýle hem ýokary derejeli duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Sammitiň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan resmi kabul edişlik guraldy we onda teatrlaşdyrylan oýunlar hem-de konsert maksatnamasy göz öňünde tutuldy.

SAMMITIŇ NETIJELERI WE GAZANYLAN YLALAŞYKLAR:

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli ençeme meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşan döwlet Baştutanlary çykyş edip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we artdyrmak, ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ençeme teklipleri beýan etdiler.

  • 2018-nji ýylda ýola goýlan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin möhüm meýdança öwrüldi.
  • Içerki sebit söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Geçen ýyl bu haryt dolanyşygy 27 göterim, 8 milliard dollara deň boldy.
  • Gazagystan 5 ýylda Merkezi Aziýa bilen haryt dolanyşygyny 42 göterim artdyryp, 6,3 milliard dollara ýetirdi. Bu görkezijini 15 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.
  • Serhetlerde söwda nokatlaryny döretmek teklip edildi.
  • Elektron söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirildi. Harytlaryň elektron söwdasyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
  • Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygy we “ýaşyl” ykdysadyýet ugurlaryna üns berildi.
  • Sebit teleýaýlymyny ýa-da internet habar saýtyny döretmek teklip edildi.
  • Her ýyl Merkezi Aziýanyň medeni şäherini saýlamagy ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi.
  • Merkezi Aziýanyň sebitleriniň forumyny döretmek teklip edildi.
  • Hindistanyň, Pakistanyň we Hytaýyň bazarlaryna çykmak üçin alternatiw ulag geçelgelerini döretmek başlangyjy beýan edildi.
  • Merkezi Aziýa döwletlerinde Merkezi Aziýanyň medeniýet, sunagt we kino festiwalyny guramak teklip edildi.
  • Syýahatçylyk babatda bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammiti: gol çekilen ylalaşyklar

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygy Täjigistanda geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär