SPORT

Futbol çempionatynyň ilkinji duşuşygy

Düýn Angliýanyň “Old Trafford” stadionynda zenanlaryň arasynda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Çempionaty guraýjy ýer eýeleri Angliýanyň ýygyndysy Awstriýanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Angliýa zenanlaryň arasynda futbol boýunça Ýewropa çempionatyny 13-nji gezek guraýar. Ýaryş birnäçe rekordlar özünde jemledi. 500 müňden gowrak bilet satyldy, dünýäniň 99 ýurdundan futbol janköýerleri geldi. Şeýle hem zenanlaryň arasynda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň iň uly pul baýrakly çempionatlarynyň biri boldy. Çempionatyň pul baýragy 16 million ýewro deň boldy.

Çempionata 16 milli ýygyndy gatnaşýar. 2021-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çempionat pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilipdi.

Çempionatyň final duşuşygy 31-nji iýulda “Uembli” stadionynda geçiriler.

 

Hazar kenaryndaky gadymy patlawuklar

Related posts

Hawi “Barselona” tälimçi bolup dolandy

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-noýabr aýlary: türkmen türgenleri 739 medal gazandy

UFC-de ýeňil agramyň guşagyna täze eýe tapylar