DÜNÝÄ

Hepdede 4 gün iş güni synag edilýär

Beýik Britaniýada 6 aý boýunça 3 müňden gowrak işgäriň gatnaşmagynda hepdleik 4 iş güni synag edilýär.

“4 Day Week Global” atly guramanyň alyp barýan synagyna görä, 70 kompaniýadan 3 müň 300 işgär bu synaga gatnaşýar. Olaryň iş wagty 20 göterim gysgaldyldy we zähmet haklary bolsa ozalky ýaly saklanyp galyndy.

By synagyň netijeleri Kembrij uniwersiteti, Oksford uniwersiteti hem-de Boston kolleži tarapyndan seljerilýär. Synagda işgärleriň iş netijeliligi bilen bir hatarda daşky gurşaw we gender deňligine täsiri hem ölçener.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Şotlandiýada we Ispaniýada şuňa meňzeş synaglar geçiriler.

Islandiýada hepdelik 4 gün iş güni synagy üstünlikli tamamlanypdy.

 

Koronawirusdan soňra syýahatçylyk pudagy ösüşde

Related posts

BMG-niň Aşgabatda yene bir wekilhanasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi

Bir günde 140 milliard dollar ýitgi çekdiler

Dr.Döwran Orazgylyjov