BIZNES

Bitkoin Efiopiýada gadagan edildi

Gündogar Afrika ýurdy hasaplanýan Efiopiýada kriptowalýuta hasaplanýan bitkoiniň ulanylmagynyň gadagan edilendigi habar berildi.

Efiopiýanyň Merkezi banky tarapyndan berlen beýanatda ýurtdaky bitkoin ulanyjylaryna garşy zerur kanuny çäreleriň görüljekdigi mälim edildi. Beýanatda Efiopiýada bitkoin bilen geleşikleriň bikanundygy we bu ýol bilen amal edýänlere garşy çäre görüljekdigi bellenildi.

Beýanatda ýurtda diňe milli pul birligi bolan birriniň ulanyljakdygy we ähli maliýe amallarynyň onuň üsti bilen amala aşyryljakdygy aýdylýar.

Afrikada ilkinji gezek bitkoin Merkezi Afrika Respublikasynda töleg serişdesi hökmünde kabul edildi. Merkezi Afrika Respublikasy, Salwadordan soň bitkoini töleg serişdesi hökmünde kabul eden ikinji ýurt boldy.

 

Hepdede 4 gün iş güni synag edilýär

Related posts

«Agarguýy» täze gaz ýatagy ulanyşa girizildi

Hytaýyň sanly ykdysadyýetiniň gerimi 6 trillion dollardan geçdi

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär