BIZNES

Türkmenistan-Awstriýa: Bitarap döwletleriň dostlukly hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuler-Götzburgyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynda kabul edildi. Bu ýerde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar gurnaldy.

     Duşuşyklar 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirilip, olarda  ulag we logistika, azyk senagaty, saglygy goraýyş, senagat önümçiligi, işewürligi ösdürmek ýaly möhüm ugurlar barada pikir alşyldy. Myhmanlar  Türkmenistan bilen  gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändiklerini bellediler.

     Geçirilen gepleşiklerde taraplar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

      Ilçi Tomas Şuler-Götzburgyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen nygtap, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

     Duşuşyklaryň ahyrynda iki dostlukly ýurduň  arasyndaky ynama esaslanýan netijeli  gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy