BIZNES

Müsürde ýokary tizlikli otly tory dörediler

Germaniýanyň “Siemens Mobility” kompaniýasy Müsüriň hökümeti bilen 60 şäheri birleşdirýän hem-de dünýäde ululygy boýunça 6-njy orny eýelejäk ýokary tizlikli otly ulgamyny döretmek üçin şertnama baglaşdy.

Şertnamanyň umumy bahasy 8,1 milliard ýewro bolup, ýokary tizlikli otly gatnawy üçin 2 müň kilometr demirýoly çekiler. Otlular üpjün ediler, şeýle hem 15 ýyllyk tehniki hyzmat şertnamasy baglaşylar.

Bu şertnamanyň hasabyna Müsürde 40 müňe golaý täze iş orny dörediler. “Siemens” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Müsür bilen ilkinji demirýol liniýasynyň gurluşygy üçin 2,7 milliard ýewro möçberinde şertnama baglaşypdy.

Taslamanyň hyzmatdaşlary hökmünde Müsüriň “Orascom Construction” we “The Arab Contractors” kompaniýalary çykyş edýär.

 

 

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren aýna köpri

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Katardaky halkara sergä gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Yeni havalimanı Guinness rekorlardan sertifika aldı

vepa