SPORT

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary

Dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň sanawy düzüldi. «CIES Football Observatory» halkara seljeriş merkeziniň taýýarlan sanawynda iň gymmat 15 futbolçynyň ady bar. Kerweniň başyny «PSŽ-niň» fransiýaly ýyldyzy Kilian Mbappe çekýär.

23 ýaşly Mbappeniň bahasy 205,6 million ýewro deňdir. Mbappeden soň «Real Madridiň» braziliýaly ýyldyzy Winisius Junior 2-nji orunda bolup, onuň bahasy 185,3 million ýewro barabardyr. «Borussiýa Dortmunddan» «Mançester Siti» toparyna transfer bolan norwegiýaly hüjümçi Erling Holann 152,6 million ýewro bilen 3-nji ýeri eýeleýär.

1. Kilian Mbappe («PSŽ») – 205,6 mln ýewro;

2. Winisius Žunior («Real Madrid») – 185,3 mln ýewro;

3. Erling Holand («Mançester Siti») – 152,6 mln ýewro;

4. Pedri («Barselona») – 135,1 mln ýewro;

5. Jud Bellingem («Borussiýa D») – 133,7 mln ýewro;

6. Fil Foden («Mançester Siti») – 124 mln ýewro;

7. Frenki de Ýong («Barselona») – 112,5 mln ýewro;

8. Luis Diaz («Liwerpul») – 110 mln ýewro;

9. Ruben Diaş («Mançester Siti») – 109,6 mln ýewro;

10. Ferran Torres («Barselona») – 109,5 mln ýewro;

11. Lautaro Martines («Inter») – 106,7 mln ýewro;

12. Jamal Musiala («Bawariýa») – 105,3 mln ýewro;

13. Jeýdon Sanço («Mançester Ýunaýted») – 103,2 mln ýewro;

14. Meýson Maunt («Çelsi») – 100,3 mln ýewro;

15. Bukaýo Saka («Arsenal») – 100,2 mln ýewro.

 

Bitkoin Efiopiýada gadagan edildi

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy