DÜNÝÄ

Bir günde 140 milliard dollar ýitgi çekdiler

Ýer ýüzüniň baý adamlary koronawirus sebäpli bir gije-gündizde 139 milliard dollar ýitgi çekdiler. Bu barada “Bloomberg” habar agentligi habar berýär.

“Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, LVMH kompaniýalar toparynyň baş müdiri Bernar Arno we “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos 4,8 milliard dollar ýitgi çekdiler.

Ispaniýanyň “Zara” söwda merkezleri zynjyrynyň eýesi Amansio Orteginiň emlägi 4 milliard dollar azaldy. “Facebook” jemgyýetçilik torunyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg 3,48 milliard dollar, “Google”-iň esaslandyryjysy Larri Peýj bolsa 2,7 milliard dollarlyk ýitgi çekdi.

Häzirki wagtda Hytaýdan başlap, dünýä ýaýraýan bu howply wirusyň ykdysadyýete ýetirýän zyýany uly bolmagynda galýar.

Related posts

BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşyk geçirildi

Russiýada prezident saýlawlary üçin 3 günlük ses berişlik başlandy

Türkmenistan bilen Filippinleriň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy