DÜNÝÄ

Täze sanjymlar goşuldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzda rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna hem-de wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar bilen öňüni alyş çäresini alyp barýar.

“Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen habarnama laýyklykda, ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzda rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna hem-de wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar bilen öňüni alyş çäresini geçirip başlady. Saglygy goraýyş ulgamynyň döräli bäri, ýurdumyz boýunça waksinalaryň elýeterli bolmagy adamlaryň saglygy üçin edilýän uly aladalaryň biridir. Häzirki günlerde ministrlik tarapyndan hödürlenýän öňüni alyş sanjymlarynyň sany artýar. Sebäbi, çagalary agyr kesellerden howpsuz goramak mümkinçiligi öňkülere garanyňda has köpeldi. Şu ýyl ýurdumyzyň öňüni alyş sanjymlarynyň sanawyna 3 sany täze waksina girizildi. Olar: rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna hem-de wirusly gepatitiň A görnüşinie garşy waksinalardyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp syýasaty bolan ýokanç keselleriň öňüni almak döwlet derejesinde ilkinji orny eýelemek bilen, hökümet tarapyndan bu işlere gönükdirilýän maliýe serişdeleri ýygy-ýygydan artyp, geçen ýyllara garanyňda häzirki wagtda maliýe serişdeleriniň möçberi birnäçe esse köpeldildi.

Immunaziýa ilatyň saglygyny üpjün etmekde häzirki döwürde bar bolan has howpsuz we netijeli çäreleriň biri bolup durýar. Saglygyň berkligi her maşgalanyň sagdyn we uzak ömürli ýaşamagynyň esasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady