Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da daşary ýurt puluna Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million dollaryndan gowrak boldy.
Hindistanyň, Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 15 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 95 million 880 müň manatlykdan gowrak pagta übtügini we ulýugyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.