BIZNES

Türkmen-katar işewürlik gatnaşyklary ösdüriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.  Türkmen tarapyndan wideoarkaly maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,  «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň,  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Katar tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyga Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň hem-de dürli ugurlarda işleýän kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek üçin  işewürler maslahatyny, tegelek stoly ýygy-ýygydan geçirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn täjirçilik maglumatlaryny alyşmagy we duşuşyklary wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn tertipde geçirip durmak barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň soňunda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary dowam etmek boýunça ylalaşyk gazandylar.

Remezan aýy başlady: ilkinji tarawa namazlary okaldy

 

Related posts

23-nji martda gowaça ekişine girişiler

Instagram Bäsleşigi : “Makul Sözlük” we “Atavatan” Applikasiýasy

Ata Watan Eserleri

Tatarystan Türkmenistana lukmançylyk maksatly 2 sany dikuçar iberer