BILIM

Lukmançylyk uniwersitetinde “Açyk gapylar” güni

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlary şu ýylyň 3-nji maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan”gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» güni ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan tanyşdyrylar. Olara okuwa girmek üçin gerekli resminamalar, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 18-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-98-51; 48-98-52.

 

Dünýäniň iň uly Gün elektrik bekedi

 

Related posts

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýal

Talyplar üçin karz hyzmaty

“Açyk gapylar”: Döwlet energetika instituty