DÜNÝÄ

BMG Türkiýäniň adyny üýtgetdi

Birleşen Milletler Guramasy Türkiýäniň Respublikanyň adyny daşary ýurt dillerinde üýtgetmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik habar berdi.

1-nji iýunda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişden halkara we resmi resminamalarda Türkiýäniň adyny üýtgetmegi haýyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik bu üýtgeşmeleriň daşary işler ministriniň ýüztutmasy gelip gowşandan soň haýal etmezden güýje girendigini habar berdi. Şeýlelik bilen, BMG resmi resminamalarda Türkiýäniň adyny «Republic of Turkey» görnüşden «Republic of Türkiye» görnüşine üýtgetdi.

Çawuşoglu bu kararyň ýurduň halkara sahnasyndaky abraýyny ýokarlandyrmak barada Ankara maksatnamasynyň çäginde kabul edilendigini aýtdy. Mundan başga-da, Ankaranyň iňlis dilinde ýurduň adynyň «ýakymly» ýaňlanmaýandygy sebäpli şeýle karara gelendigini «Anadolu» agentligi habar berýär, çünki «turkey» sözi iňlisçeden terjime edilende «hindi towugy» manysyny berýär.

Ýatladyp geçsek, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2021-nji ýylyň dekabrynda degişli karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurduň täze eksport brendi hökmünde «Türkiye» sözi kabul edildi. Ýurduň Baştutany täze adyň ýurduň önümleriniň bütin dünýäde ykrar edilmegini ýokarlandyrjakdygyny aýtdy. Şonuň üçin mundan beýläk Türkiýeden harytlar «Made in Turkey» jümlesiniň ýerine «Made in Türkiye» diýen ýeke-täk brendi bilen hödürlenýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi