TEHNOLOGIÝA

“Google” şereketi täze “akylly” äýnek öndürmekçi

“Google” şereketi bu ýyl geçirilen “I/O” konferensiýasynda täze “AR” “akylly” äýneginiň prototipini tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşda äýnegiň hödürleýän artykmaçlyklarynyň gysgaça wideosy görkezildi.

Bu äýnegiň esasy aýratynlygy daşary ýurt dilinde gürleýän adamyň sözlerini siziň üçin sinhron terjime edip berýär. Tanyşdyrylyş wideosynda äýnegi dakan ulanyjy garşysyndaky kişi gürlände şol wagtyň özünde onuň diýýän zatlarynyň ene dilindäki terjimesini eşidýändigi görkezildi. Täze “akylly” äýnek haçan satuwa çykjakdygy hakynda bolsa şereket tarapyndan maglumat berilmedi.

 

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Related posts

“Porsche Taycan” Ginnesiň rekordlar kitabynda

Kriptowalýuta biržasy “Huobi” bir ulanyjysyny kosmosa iberer

2030-njy ýylda ulaglaryny elektrik toguna geçirýär