SIZDEN GELENLER

Haýwanat dünýäsi barada…

Her bir janly-jandaryň kiçijigi has eýjejik bolýar.
Eýsem, jandarlar dünýä gelenlerinde nähili ýagdaýy başdan geçirýärkäler?

Deňiz pyşbagasy tennisiň topy ýalyrak ýumurtgadan çykanyndan soňra, deňziň golaýyndaky çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan hem gaçmaly bolýar. Tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaly bolýar. Bu kiçijik jandar howpsuz ýere barmak üçin 24 sagatlap ýüzmeli bolýar. Olar ýumurtganyň gabygyny döwüp çykanlaryndan soňra näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.
Geçigaplaňyň çagasy kiçi wagty onuň derisiniň nagşy ýaşaýan ýeriniň otlaryna meňzeýär. Şol sebäpli ony beýleki haýwanlar uzakdan görüp bilmeýär. Ulaldygysaýyn onuň reňki üýtgeýär. Iki ýaşyndan soňra bolsa, tüýi täzelenýär.
Ýedi müň töweregi tikeni bolan kirpijikleri näçe eýjejik bolsa-da sypalap bolmaýar. Sebäbi oňa golaýlaşsaň, ol togalanyp, tikenli topa öwrülýär. Kirpileri diňe tilkidir şagal däl, eýsem, ýyrtyjy guşlar hem awlamak isleýär. Emma bu jandarlar kiçidigine garamazdan, ýabany haýwanlardan aňsatlyk bilen goranyp bilýär.
Keýikler köplenç bir-birlerini tanamak üçin ysgaşýarlar. Olaryň derisiniň reňki dünýä inen wagtlary tokaýyň ýa-da ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň reňkine meňzeýär. 3-4 aýdan soňra onuň tüýi täzelenip, has goňur reňkli bolup başlaýar. Täze çykan tüýleri bolsa has galyň bolup, ony ýetip gelýän gyşyň sowugyndan goraýar.
Ördegiň jüýjesi öýkünmekde örän ussat bolýar. Bu jüýjeler ýumurtgadan çykan gününden başlap, ene ördegiň iýmit çokuşyny, ýüzüşini we paýtyklap ýöreýşini bolşy ýaly gaýtalaýar. Olaryň sary ýelekleri iki aýdan soňra täzelenip, uly ördege meňzeýär.

Haýwanat dünýäsi barada ýene-de birnäçe gyzykly maglumatlar berip bolar:

  • Ägirt murawedler öz çagalaryny täzeden göwreli bolýançalar arkasyna göterýärler.
  • Ýolbarsyň arryldysy 8 kilometr daşlykdan eşitmek bolýar.
  • Gaplaňlar adamdan takmynan 6 esse gowy görýär.
  • “Tetragonula karbonaria” görnüşindäki arylar höwürtgelerini spiral görnüşinde gurýarlar.
  • Pişikler ýüzden gowrak dürli ses çykaryp bilerler, itler bolsa takmynan 10 ses çykaryp bilýärler.
  • Her bir alajagaplaňyň reňki we menekleri özüne mahsusdyr.
  • Garny dok bolan krokodil ýanynda iýmitlenmek üçin zat bolsa hem topulmaýar.
  • Alymlaryň pikiriçe, maýmynlar suwuň beýikligini taýak bilen ölçäp bilerler.
  • Guşlaryň ýelekleri, adatça, süňklerinden has köp bolýar.

Serdar Çerkezow,
S.A.Nyýzaow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

 

«General» ýazyjy

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti