SIZDEN GELENLER

Ylym-bilime çäksiz hormat

Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ýaşlara ýokary derejede bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr».

Bu jümlelerden görnüşi ýaly, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn bilim bermek esasynda kämil nesiller kemala getirmek her bir bilim işgäriniň öňünde duran esasy wezipedir. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir.

Garaşsyz Diýarymyzda nesillerimiziň ylym-bilimden ýeterlik paý almaklary, dünýä çykmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň ösüşine kybap ylym-bilim ojaklarynyň sany-da ýylsaýyn artýar. Häzirki zaman ylmynyň we innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri ulgamlara ornaşdyrmak döwrüň möhüm talabyna öwrüldi.

Şeýlelikde, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek) bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Ylym-bilim halkyň geljeginiň ösüşlere beslenmegini kepillendirýän güýçdür. Ýaş nesillerimiziň şol güýjüň eýesi bolmagy ýurdumyzyň geljeginiň kuwwatlylygynyň kepilidir. Hut şonuň üçin-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ösüş-özgerişlikleriň depgininiň artjagyna ählimiz ynanýarys.

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegi göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary ylym-bilimden ýüki ýetik, ýokary derejeli ussat hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekip, Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrarys.

Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň hem okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Bilime, ylma bolan basgançaklar okamakdan, kitaba bolan söýgüden gözbaş alýar. Türkmen halky gadymdan bäri medeniýete, ylma sarpa goýupdyr. Pederlerimiziň döreden gymmatly eserleri, dessanlary, goşgy-gazallary aýratyn bellärliklidir. Bu günki günde şeýle asylly ýörelgeleri döwrebap ösdürip, iň kämil hünärmenleri, ylymly ýaşlary ýetişdirmek baş maksatdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi has-da ösdürmek, häzirki döwrüň ýaş nesillerine öwretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da kuwwatlandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz döredijilikli zähmet çekmäge, üstünlikleri gazanmaga, kämil we watansöýüji nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýär.

Jahan Orazgeldiýewa, TOHU-nyň talyby.

 

Futbol duşuşyklary 90 minutdan 60 minuta çenli azaldylar

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat