TEHNOLOGIÝA

Elektromobilleriň akkumulýatory üçin 3 mlrd dollar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden elektromobilleriň akkumulýatorynyň önümçiligi üçin 3 milliard dollar gönükdirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Ak Tam elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň akkumulýatorynyň önümçiligi üçin Amerikanyň kompaniýalaryna maliýe goldawyny bermegi meýilleşdirýär.

Baýden 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň bazaryndaky awtoulag satuwynyň ýarysynyň elektromobil bolmagyny gazanmagy maksat edinýär.

Bu ugurda ABŞ-da şeýle ulaglaryň zarýad beketleriniň toplumyny hem döretmek meýilleşdirilýär.

Maliýe goldawyny akkumulýator üçin materiallary, köne batareýalary gaýtadan işleýän kompaniýalar alarlar.

 

“Internet Explorer” ýapylýar

Related posts

“Apple” -iň täze önümleriniň çykjak senesi belli boldy

Ata Watan Eserleri

“Apple” kompaniýasy 48 ýaşyna gadam basdy 

Dünýäniň köp ulanylýan we köp satylýan akylly telefonlary