DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Suw sammitinde wideoýüzlenme bilen çykyş eder

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.

Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçiriljek Dördünji Aziýa-Ýuwaş ummany Suw Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoýüzlenmesiniň görkezilmeginiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Diplomatlar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesini beýan etdiler we onuň ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar şonuň ýaly-da, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Geljegi uly ikitaraplaýyn taslamalaryň ilerledilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ähmiýetli mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.

Şonuň ýaly-da, iki ýurduň abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hereketleriniň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler.

 

 

BMG-niň Ženewadaky wekilhanasyndan gelen hoş habar

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk