DÜNÝÄ

Soňky 30 ýylda ilkinji gezek ýitgi çekdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Emirates” awiakompaniýasy pandemiýanyň dünýä syýahatçylygyna edýän täsiri sebäpli 30 ýylyň dowamynda ilkinji gezek çeken ýitgisini mälim etdi. Ýylda 58 million ýolagçy gatnadýan bu kompaniýa 2020-nji ýylda 3,8 milliard dollar ýitirendigini habar berdi.

“Emirates” awiakompaniýasy howa gatnawynyň doly durandygyny mälim edip, alty aýyň dowamynda 3,8 milliard dollar zyýan çekendigini habar berdi.

75% pese gaçdy

“Associated Press” habarlar gullugynyň habaryna görä, BAE döwlet eýeçiligindäki kompaniýa pandemiýa döwründe iki aýlap saklanan uçarlar sebäpli kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 75% azalandygyny mälim etdi.

Geçen ýyl 58 million ýolagçy gatnadan we dünýäde iň köp gatnawly awiakompaniýalardan biri bolan “Emirates” awiakompaniýasy şu ýylyň aprel-sentýabr aýlary aralygynda bary-ýogy 1,5 million ýolagçy gatnatdy.

Ýük gatnawlara bolan islegiň hem azalmagyndan soň, “Emirates Group” on müňlerçe iş ýerini boşatdy we işgärleriň sanyny 24 göterim azaldyp, 81,334-e ýetirdi.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy