DÜNÝÄ

2-nji iýul Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni

Her ýylyň 2-nji iýuly Bütindünýä sport žurnalistleriniň günüdir. Bu sene indi çärýek asyrdan hem gowrak wagt bäri bellenilip gelinýär. Sport žurnalistikasynyň dünýädäki sport ýaryşlaryny okyjylara ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möhüm orny bar. Şonuň üçin hem sport žurnalistleri dünýäde iň bir degerli adamlaryň biri hasaplanýar. Sport žurnalistleriniň hatyrasyna, olaryň ýerine ýetirýän işlerini göz öňüne tutup, her ýylyň 2-nji iýulyny Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni bellenilýär.

Bu sene 1994-nji ýylda Halkara sport metbugat birleşigi tarapyndan döredildi. Bu sene sport žurnalistlerini işlerinde kämillige ymtylmaga we diňe bir sport dünýäsine däl, eýsem tutuş dünýä üçin görelde görkezmäge höweslendirmegi maksat edinýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy