DÜNÝÄ

Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Moskwada ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda çykyş eder. Bu barada konserwatoriýadan habar berdiler.

9-njy maýda Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybelti Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda GDA döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe konsert çykyşlary meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetiriljek birleşen hor toparynyň çykyşy hem konsert meýilnamasynyň esasylarynyň biri bolup durýar.

Häzirki günlerde bu konserte taýýarlyk işleri geçirilýär. Russiýa Federasiýanyň Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynda Azerbaýjan döwletinden gatnaşýan ýaşlar bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly eserleriň üstünde işleýärler. Taýýarlygy Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynyň rektory Ryžinskiý Aleksandr Sergeýewiç geçirýär.

Şeýle dabaraly çärelerde türkmen talyp ýaşlarynyň çykyş etmekleri, olaryň sahna medeniýetiniň ösmeginde uly täsiri bar.

Related posts

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar

Makron täzeden prezidentlige saýlandy

ABŞ bilen Ýewropa söwda ylalaşygynda ylalaşdy