DÜNÝÄ

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Aşgabatda şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk edýändigini aýdyp, onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň gün tertibi hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler. Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi we wise-premýere bu halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

 

Halkara Bitaraplyk güni: halkara maslahat geçiriler

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy