DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň ilaty 7 milliona golaýlaýar

Gyrgyz Respublikasynyň ilaty 7 million golaýlaýar. Bu barada “Weçernyý Bişkek” neşiri ýurduň milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.

7 million ilata 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli ýetmek garaşylýar. Bilermenleriň bahasyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda ilatyň sany 6 million 977 müň adama ýetdi. 1-nji oktýabr 2022-nji ýyl boýunça ilat sany 6 million 995 müň boldy.

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ilatyň sanynyň 7 milliona ýetmegi bilen baglanyşykly çäreleri gurnamak üçin pudagara topar döredildi.

Mälim bolşy ýaly, Gyrgyzystanyň 6 millionjy raýaty 2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, 5 millionjy raýaty 2002-nji ýylyň 27-nji awgustynda, 4 millionjy raýaty bolsa 1985-nji ýylyň 27-nji maýynda dünýä inipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar