DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.

Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellendi.

Aýratyn üns medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine berildi. Şu nukdaýnazardan, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Related posts

Magtymgulynyň goşgulary ukrain dilinde

Türkmenistan-Gazagystan: elektron söwda ulgamynda ylalaşyklar gazanyldy

Baýdeniň hormatyna burger