SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan BSG-niň onlaýn seminaryna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.

Şeýle hem wideokonferensiýa görnüşinde geçen çärä BSG-na agza we synçy ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri hem-de ylmy işgärler gatnaşdylar.

Bu mejlis, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza ýa-da synçy hökmünde goşulmak islegini mälim eden taraplaryň, maglumatlary, teklipleri we garaşmalary alyş-çalşygy arkaly Ýewraziýa ýurtlarynyň BSG-na goşulmak prosesi baradaky webinarlaryň bir bölegidir.

Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşulmak baradaky pozisiýasyny görkezdi we bu meseläni öwrenmek üçin ýurtda ýerine ýetirilen uly taýýarlyk işleri barada maglumat berip, üç möhüm ugry belläp geçdi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak, Türkmenistanyň halkara ykdysady gurluşlaryna goşulmagyna, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, maýadarlar we söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aç-açanlygy üpjün eder, şeýle hem ýurduň täjirçilik meselelerinde pozisiýasyny güýçlendirer.

Şeýle hem taraplar, geljekki hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň birnäçesiniň hataryna seredip, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň tertibi baradaky meseleler boýunça tekliplerini hem-de garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri