SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

C witamine baý miweler

C witamine adama zerur witaminleriň biri bolmak bilen, ol miweleriň, ir-iýmitleriň düzüminde bardyr. Adamyň bedeninde  C witamini öz-özünden döremeýär ýa-da toplanmaýar, şu sebäpli hem tebigy  iýmitlerden mydama peýdalanmaly.  Adam her gün ortaça 90 milligram C witamini almalydyr.

C witaminiň ýetmezçiliginde diş etiniň ganamagyna, ýaralaryň haýal bitmezliigine sezewar bolýar. C witamine baý iýmitler

Ysmanak : Bu ösümligiň 100 gramynda 130 milligram C witamini bardyr,bu hem gündelik adam üçin zerur bolan witamindir.

Kiwi: tropiki we C witamine baý miwe bolup, kiwiniň 100 gramynda  109 milligram C witamini bardyr.

Limon: 18-nji asyrda uly deňiz gämilerde işleýän her bir adama limon berilýän eken.  100 gram limonda 53 milligram C witamini bardyr.

Pyrtykal: Ortaça bir pyrtykalda 70 milligram C witamini bardyr.

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy meýilleşdirilýär

 

Related posts

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daniýada “Covid-19” çäklendirmeleri doly ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Rus sanjymy Ýewropada öndüriler