SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam-döwrebap durmuş

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär.Arkadagly Serdarymyz ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris»  diýmek bilen, bu ugra aýratyn üns beriljekdigini belledi. Bu sözler Türkmenistanyň sanlylaşdyrylan ösüşiniň täze gadamlary bilen baglydygyny alamatlandyrýar. Çünki ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň kuwwatyny artdyrmak bilen baglylykda sanly dolandyryş ulgamyna üstünlikli geçmek şeýle maksatlardan gözbaş alýar.Sanly ykdysadyýet ähli ulgamlaryň, pudaklaryň we dolandyryş düzümleriniň kompýuteleşdirilmegini, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny, durmuş hyzmatlarynyň ýeňilleşdirilmegini, täze tehniki we tehnologiki oýlap tapyşlary we beýleki häzirkizaman öňe ilerlemeleri, serişde we wagt tygşytlylygyny gazanmagy, ýaşlary intellektual taýdan ösdürmegi we başga-da birnçäe oňyn taraplary öz içine alýar. Şunuň netijesinde döwletiň ähli babatdaky ösüşi ýokarlanyp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gowulanýar.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär.

Şeýle-de kommunikasion pudagyň geljegi internet platformalar, bulutly serwisler, 5G ulgamyna, Big Data tehnologiýasyna geçmek, ykjam maliýe ýaly we beýleki düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şunuň üçin hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek işinde ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda IT hünärmenleriň, tehnologlaryň, inženerleriň we programmistleriň, ýaş alymlaryň we oýlap tapyjylaryň täze nesli kemala gelýär. Olar häzirki wagtda  ylmy önümçilik, taslamalary döretmek we durmuşa geçirmek ugrunda tehniki ylymlaryň dürli görnüşleri boýunça iş alyp barmaga mümkinçilik alýarlar. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň ylym we häzirkizaman tehnologiýa ulgamynda ynamly gadam basmaklary geljekde hem sanlylaşdyrmak syýsatynyň öňe ilerlejekdiginden habar berýär.

Munuň üçin bolsa okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu edaralaryň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün elilmegi, IT meýdançalarynyň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklary geçmäge mümkinçilik berýär, olarda internede elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa okuw usulyýetini hem-de hünärmenleri taýýarlamagy halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda guramak üçin giň şertleri döredýär. Durmuş ulgamlarynda we hyzmatlarynda hem sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda türkmenistanlylar sanly söwda, sanly medeniýet, sanly aragatnaşyk,  sanly bilim, sanly tehnologiýa, sanly lukmançylyk we beýleki sanly hyzmatlar boýunça döredilen ýeňilliklerden we hyzmatlardan işjeň peýdalanýarlar. Munuň özi sanly ulgamyň-döwrebap durmuş ulgamyny kemala getirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Gülnär Öwezdurdyýewa

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar

uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar

fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda

geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi.

THY: Türkmenistan ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi