SIZDEN GELENLER

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Merdana halkymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen tagallalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde barha rowaçlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sporta gyzyklanma, sport çäreleri ähli welaýatlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.

“Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazandyk” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Hakykatdan hem, ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup ulanylmaga berilýän stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, okuw mekdepleriniň sport zallary sporta höwesli ýaşlardan dolup durýar. Bularyň ählisi sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde hem-de halkyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sportuň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Her ýyl ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň milli senenamasynda möhüm orun aldy. Bütindünýä saglyk güni her ýyl 7-nji aprelde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 1948-nji ýylda döredilen gününde bellenilýär. Şol taryhy günden bäri geçen döwürde dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy boldy. Saglyk gününiň her ýyl bellenilmegi 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar.

Giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk gününde ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişlerini guramak indi asylly däbe öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri sagdyn bedenli hem-¬de päk ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halky saglygy durmuşyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri we manyly ömrüň özeni hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan hem, 7-nji aprelde geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegine öwrüldi.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilendigini bellemek gerek. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändiginden habar berýär.

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologik abadançylygyny wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Şol iki çäre hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki gün «Welosiped» binasy welosipedli ýörişleriň, ekologiýa çäreleriniň we beýleki iri dabaralaryň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi.

Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologik maksatly dürli taslamalary we pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, olar Türkmenistanda hem şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny birleşdirýär.

Welosiped sürmek sportuň her bir adam üçin elýeterli we ekologik taýdan zyýansyz görnüşleriniň biridir. Welosiped sürlende, bedeniň myşsalarynyň köp bölegi herekete girýär, ýürek-damar ulgamyna düşýän agramy welosipedi dürli tizlikde sürmek arkaly sazlamak mümkin. Welosiped sporty, esasan-da, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlary üçin örän peýdalydyr. 1 sagatlap welosiped sürmek üçin, ortaça, 400 — 500 kkal energiýa harç edilýär, bu bolsa bedende artykmaç ýaglaryň ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji baharynda Türkmenistanyň halkara abraýynyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýän ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly ýurt bolup durýandygyny ýene-de bir gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna öwrüldi.

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

07-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti