Ýertudananyň özboluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýertudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Ýertudana C witaminine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düzüminde marganes, mis we nitrat ýaly minerallar köpdür. Gadymy Rimde ony dürli keselleri bejermek üçin hem ulanypdyrlar. Dünýäniň ýüzünde ýertudananyň 20-den gowrak görnüşi bardyr.
Düzümindäki C witamini bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ýaralaryň bitmesini çaltlaşdyrýar, gan basyşy kadalaşdyrýar (peseldýär), dişleriň we süňkleriň emele gelmegine kömek edýär. Nitrat myşsalara ganyň we kislorodyň köp barmagyny üpjün edip, myşsalaryň ýadamagynyň öňüni alýar. Onuň düzümindäki mis deride kollageniň döremesini çaltlaşdyrýar. Ýertudanany ýa-da onuň suwuny derä çalmaklyk deriniň näzik we ak bolmagyna hem-de onuň garramagynyň öňüni alýar. Düzümindäki antosionin maddalary horlanmaga ýardam berýär. Ýertudanada aspirine meňzeş madda bar, bu madda bolsa kelle agyryny aýyrmaga kömek edýär.
Ýertudana ýylyň ähli paslynda-da elýeterlidir. Çünki soňky ýyllarda daýhandyr telekeçileriň arasynda ony ýyladyşhana usulynda ýetişdirmek has-da ýörgünli boldy. Ony hatda öý şertlerinde ýörite gaplarda, sebetlerde ekmek hem mümkindir. Ýertudana ekiljek ýerde hem ekin dolanyşygy geçirilýär. Ilkinji ýyl ekilen ýertudana toprak bilen alyşýar. Soňky ýyllar ýertudananyň idegini dogry alyp barsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.
Ýertudana ýylyny hem-de güneşi halaýar. Şonuň üçin onuň ekilýän ýerine kölege düşmeli däl. Eger ýertudananyň ýerini üýtgetmeli bolsa, onda ony turpçanyň, noýbanyň, sogandyr sarymsagyň, şibitdir badyýanyň sökülen ýerine ekmek bolar. Ekilýän ýertudana şitilleriniň aralygy 25-30 santimetre barabar bolmalydyr. Eger ýertudana hasyl bermeýän bolsa, onuň birnäçe sebäbi bardyr. Howa şertleri (aşa sowuk, ýel-ýagmyr), zyýanly mör-möjekler, haşal otuň basmagy, ösümligiň wagtynda tozanlanmazlygy, nädogry ideg hasylyň pes bolmagyna getirip biler. Dogry ideg edilip, sagdyn ösen ýertudana ilkinji üç ýylynda bol hasyl bermäge ukyplydyr.Ýertudana tohumy miwäniň içinde däl-de, daşynda bolan az sanly ösümlikleriň hem biridir we her miwede ortaça iki ýüze golaý tohum ýerleşýär.
Dünýäde ýertudana önümçiliginiň aglaba bölegi Hytaýyň paýyna düşýär; 2019-njy ýylda 3.8 million tonna, ýagny dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän iýmişleriň 42 göterimi. Hytaýdan soň ABŞ, Meksika, Müsür we Türkiýe bu hoşboý ysly miweleri ýetişdirýän ýurtlaryň yzygiderliligini düzýär. Bu ýurtlarda ýylda 415 müň tonnadan 1.4 million tonna çenli ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.
Ýertudananyň 100 gramynda 37 kaloriýa, 59 mg C witamini (bu görkeziji limondan hem köpdür), 1 mg natriý, 174 mg kaliý, 21 mg kalsiý bolýar. Ýertudananyň ýapragy we köki gaýnadylyp içilip, dürli keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar.
Miwe diýilýän hem bolsa, ýertudana bägüller maşgalasyna degişli otjumak ösümlik hasaplanýar.Mundan başga-da, medeni ösümlik hökmünde peýdalanmak maksady bilen döredilen täze görnüşleri bar. Ýer-howa şertlerine görä, yzgarly topragy halaýan ýertudana gowy tozgalanan ýagdaýynda bol hasyl berýär. Miwesi tozgalanandan soňra 30-35 günde bişýär. Şeýle hem bu ösümligiň hasylly bolmagynda günüň uzynlygy hem täsir edýär. Şol sebäpli her sebite mahsus görnüşi ekilýär. Ir we gysga wagtda ýetişýändigi üçin ýyladyşhanalarda hem giňden ekilýän ekinleriň biri hasaplanýar.
Lukman Goýunlyýew,
S A Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ
Ýer serişdeleri kafedrasynyñ 4-nji ýyl talyby.