BILIM

Harby instituta okuwa çagyrýarys!

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna okuwa çagyrýarys! Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

  1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlary okuwa çagyrýarys.
  2. Gazetiň 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky sanynda çap edilen «Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň Tertibinde» agzalýan, dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna goşmaly resminamalaryň sanawyna zenan dalaşgäriň nikada durmaýandygy barada Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) edaralaryndan berilýän kepilnamanyň goşulýandygyny habar berýäris.
  3. Dalaşgärler okuwa girmegiňtertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriňharby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary.

 

Germaniýada hünäriňi ýokarlandyrmak üçin okuw

Ýene-de okaň

Tomusky dynç alyş möwsümi başlady

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär