BILIM

Germaniýada hünäriňi ýokarlandyrmak üçin okuw

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2022-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik YGLAN EDÝÄR. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

Söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 9 — 13- nji maýy aralygynda geçirilýär. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.

Türkmen hem-de nemes telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2022-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribe geçmek (dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda) mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu ýylyň 4-nji maýyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  1. Ýokary bilimli bolmaly;
  2. Telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar);
  3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtyndan görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (99312) 39-43-55, 39-45-72.

 

Dünýäniň iň inçe mehaniki sagady

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar