PEÝDALY MASLAHAT

Peýnirli we ysmanakly börek

Gerekli önümler:

6 sany hamyr

500 gram ysmanak

1 sany sogan

1 nahar çemçesi pomidor pastasy

Gara burç

Duz

Gyzyl burç

Suwuk ýag

1 käse ak peýnir

Sousy üçin;

0.5 litr suw

1 bulgur süýt

1 käse ýag

Üsti üçin;

1 ýumurtganyň sarysy

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen ysmanak gowy ýuwulýar we inçe kesilmeli. Sogany hem inçejik kesip, gazana salyp ýagda gowurmaly, pomidor pastasyny goşuň, biraz gowurmaly, soňra ysmanak we ysly zatlary goşalyň. Gazandaky önümlerimizi gowy garyşdyryp, gowurmana goýalyň we otdan alalyň.

Geliň, naharymyzyň sousyny çuňňur gapda taýýarlalyň. Soňra bir hamyr alyp, sousy onuň arasyna ýaýradyň we ysmanak garyndysyny gyrasyna goşuň we rulon görnüşinde örteliň. Ähli hamyrlarymyzy şu görnüşde taýýarlalyň. Taýýarlan rulonlarymyzy kesişdirip gyzgyn tabanyň içine ýerleşdireliň. Geliň, galan sousy hamyrlaryň üstüne guýalyň we sousda ýarym sagat goýalyň. Soň bolsa, ýumurtganyň sarysyny çalyp, 190 dereje gyzdyrylan peçde gyzarýança bişireliň. Işdäňiz açyk bolsun!

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Related posts

Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Fransiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistana dolanyp barmak üçin Şahadatnama almak

Ata Watan Eserleri