BILIM

Merkezi Aziýanyň alymlarynyň forumy geçiriler

13-14-nji sentýabrda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynda Merkezi Aziýanyň alymlarynyň forumy geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň halkara gatnaşyklary bölümi habar berdi.

Forumyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň bäşinji ýubileý mejlisiniň çäklerinde Duşanbe şäherinde geçiriler.

Oňa Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşar.

Forumyň çäklerinde sebitde ylym-bilim hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem myhmanlar üçin Täjigistanyň taryhy we syýahatçylyk künjelerine gezelenç maksatnamasy göz öňünde tutuldy.

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň bäşinji ýubileý mejlisi hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Related posts

Ýaşlar üçin möhüm habar: diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy-2023

Ata Watan Eserleri

Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap mekdebiň gurluşygyna başlanar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda talyp ýigitleriň arasynda bäsleşik geçirildi