TEHNOLOGIÝA

NASA-nyň kosmos uçuş rekordy

2021-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Halkara kosmos stansiýasynda bolan Mark Wande Heý Ýer şarynyň daşyndan 5400 gezekden gowrak aýlanyp, rekordy täzeledi.

Alymlar we kosmonawtlar Halkara kosmos stansiýasynyň kömegi bilen kosmosda ençeme ýyl bäri dürli synaglar we gözlegler geçirýärler. NASA-nyň kosmonawty Mark Wande Heý kosmosda üznüksiz gün galyp, Amerikanyň kosmos maksatnamasynyň rekordyny täzeledi.

15-nji martda Mark Wande Heý ABŞ-nyň beýleki kosmonawtlaryna garanyňda kosmosda has köp wagt geçirdi. 2021-nji ýylyň aprelinde stansiýa baran kosmonawt häzirki wagta çenli kosmos giňişliginde 340.5 gün geçirdi.

Ol mart aýynda Ýer şaryna gaýdyp gelen halatynda kosmos giňişligindäki galmak möhletini 355 güne çykaryp, öz redkordyny täzeler.

NASA-nyň mundan ozalky rekordy 2016-njy ýylyň 1-nji martynda hasaba alnypdy we bu rekord Halkara kosmos stansiýasynda 340 gün geçiren kosmonawt Skott Kellä degişlidi.

Mundan ozalky dünýä rekordy bolsa, 1994 we 1995-nji ýyllarda Russiýanyň “Mir” kosmos stansiýasynda 437 gün geçiren Waleri Polýakowa degişlidi.

 

“Amazon” kompaniýasy “Metro Goldwyn Mayer” kinokompaniýasyny satyn aldy

Ýene-de okaň

Los-Anželes uniwersitetiniň talyplaryna emeli aňy öwrenmek mümkinçiligi döredilýär

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri