SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

26-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! 

Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň hereketiniň 26-nji fewral güni ykbalyňyza ýetirýän täsiri barada bilesiňiz gelse, size şol günüň täleýanamasyny hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Şahsy durmuşda we hyzmatdaşlykda durnuksyzlyk ähtimal. Resminamalara we şertnamalara gol çekeniňizde seresap boluň. Agşamlyk maşgala agzalary, maýadarlar we häkimiýetler bilen gapma-garşylyklary ýok etjek boluň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Günüň birinji ýarymy möhüm kararlar kabul etmek üçin amatly bolar, işde we girdejide oňyn üýtgeşmelere garaşylýar. Agşam maliýe ýitgileri we dawa ýagdaýlary ähtimal. Ähli işlerde seresap boluň. Saglyk ýagdaýyňyza aýratyn üns beriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň birinji ýarymy şahsy mertebäni we ussatlygy, özüňiziň has gowy taraplaryňyzy  görkezmäge mümkinçilik berýär. Günüň ikinji ýarymy bolsa, hyzmatdaşlykda, işewürlikde we saglygy goraýyşda maliýe näsazlyklary bilen baglanyşykly bolmaklygy ähtimal.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün emosional durnuklylygy saklamaly we edýän hereketleriňizde özüňizi höweslendirmeli. Agşam ýolbaşçylar, garyndaşlar we dostlar bilen habarlaşsaňyz gowy bolar. Häzirki wagtda ýagdaý durnuksyz bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün hökümet we lukmançylyk edaralary bilen, häkimiýetler we dostlar bilen aragatnaşyk üçin känbir gowy gün däldir. Işewürlikde we gazançlarda üstünlik garaşýar. Özüňizi tanamak, has-da taplanmak we başarnyklary ösdürmek üçin diýseň amatly wagtdyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Söwda meselelerinde hüşgär, isleglerde obýektiw bolmak, saglyga ideg etmek zerurdyr. Jikme-jikliklere ünsi talap edýän iş üçin amatly wagtdyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar üçin bu gün biraz dawaly bolmagyna garaşylýar. Karýeradaky kynçylyklar, hyzmatdaşlar, maşgala agzalary we häkimiýetler bilen gatnaşyklarda ünsli bolmagyňyz zerurdyr. Muňa garamazdan, girdeji ýakymly täzelikleri getirmegi ähtimaldyr. Size pikirleriňizi dostlaryňyz bilen paýlaşmaga mümkinçilik bar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Jemgyýetçilik başlangyçlary we hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk üçin gowy gün däldir. Resminamalara we şertnamalara aýratyn üns beriň. Günüň ikinji ýarymyny öýde geçirmek, söwda we hasaplaşyk bilen meşgullanmak üçin amatly.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Maliýe we meýilnamalar, karýera we şahsy durmuş ugrunda durnuksyz ýagdaý dowam edýär. Geljekde we işewürlikde, hyzmatdaşlar we täsirli adamlar bilen gatnaşykda hil taýdan üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Iň möhüm günleriň biri. Durmuşyňyzda möhüm maksadyňyz bar bolsa, bu gün öz mümkinçilikleriňizi synap, binýady goýjak bolmaly. Bu gün obýektiw baha bermek we islendik görnüşdäki işleri gowulandyrmak güni.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Işiňizi ösdürmek isleseňiz, degişli çäreleri görüň we maksatlaryňyzyň düýbüni tutuň. Hyzmatdaşlaryň hakyky mümkinçiligini, işgärleriň hünär ukyplaryny görüp bilersiňiz. Başarmaýan zadyňyz hakda alada etmäň! Bu gün üstünlik siziň tarapyňyzda bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün siziň durmuşyňyzda iň möhüm günleriň biri – netijäni gazanmak, maksadyňyza ýetmek üçin esaslar goýlar. Zähmetiňiziiň geljekki miwelerine we meýilnamany durmuşa geçirmek üçin näçe köp tagalla edilmelidigine baha berip bilersiňiz. Öz-özüňiz bilen pikir alyşmak we fiziki dynç güni. Dawa etmejek, ähli meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözjek boluň!

Ýaz aýlarynda ýüzüňize ideg etmegiň ýollary

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama