SIZDEN GELENLER

Ene mukaddesligine çäksiz hormat

Ata Wa­ta­ny­myz­da mäh­ri­ban ene-ma­ma­la­ry­my­za, ge­lin-gyz­la­ry­my­za sar­pa goý­mak, ola­ryň mer­te­be­si­ni be­lent tutmak, edep-ek­ra­my­na, durmuş ýö­rel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn söý­gi we hor­mat bi­len ga­ramak müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýar. Öý-ojak­la­ry­myzyň ýa­ra­şy­gy, dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lan ze­nan­la­ry­myz asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­lerden-ne­sil­le­re ge­çi­ri­lip kä­mil de­re­jä ýe­ti­ri­len däp-des­sur­lary­my­zy my­na­syp do­wam etdir­mek bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň dür­li pu­dak­la­ryn­da, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik işlerinde yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ze­hin sa­hawa­tyn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tagzym» at­ly ki­ta­byn­da her bir ynsan üçin enä­niň mu­kad­des­li­gi, ze­nan mer­te­be­si ba­ra­da gi­ňişle­ýin be­ýan edil­ýär.

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly eserinde: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen jümläni getirýär. Şu jümläniň many-mazmunynda her bir perzendiň öz enesine bolan sylag-hormaty, söýgüsi öňe çykýar.

Ýurdumyzda eneleriň we zenanlaryň kämil Kanunlar bilen kepillendirilen hukuk goraglylygy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň döredilmegi, aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy halkymyzyň enä goýýan hormatynyň nesillerden-nesillere geçýän milli ruhy ýörelgelere görä dowam etdirilýändigi dogrusyndaky durmuş hakykatynyň ykrarna­masydyr.

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýandygyny belleýär. Olar mukaddeslik hökmünde mähriban enelere, wepaly ýanýoldaşlara, söýgüli uýalarymyza uly sarpa goýupdyrlar we bu ajaýyp däbi öz nesillerine geçiripdirler.

Bu gün Türkmenistanda zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, göwün islän hünäri bilen meşgullanmagy hem-de hakyky watançylaryň neslini terbiýelemegi üçin ähli şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň zenanlar barada hemişe alada etjekdigini, olaryň bagtly bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini, zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny nygtaýar.

Mährijemal Bereketowa, Aşgabat şäheriniň

45-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň

işjeň agzasy. 

 

Kümüş Meläýewa: halypalary gören halypa

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk