Her bir adam batyrma naharyny uly höwes we ýokary işdämenlik bilen iýýär. Bu süýji tagamy taýýarlamak örän aňsatdyr. Ony taýýarlamak üçin şu aşakdaky önümler gerekdir:
- 6 nahar çemçesi ösümlik ýagy ýa-da 3 nahar çemçesi ak ýag;
- üwelen et;
- 1 sogan;
- 3 bolgar burçy;
- 1 badamjan;
- 5-6 sany pomidor;
- 1 diş sarymsak;
- duz we iri gyzyl burç.
Batyrma tagamyny taýýarlamak üçin ilki bilen gazana ýag guýup, aramlyk otda goýmaly. Ýag gyzandan soň, onuň içine üwelen eti atmaly we ony gowurmaly. Soňra dogralan sogany gowrulan etiň üstüne atmaly we ol ýumşap başlanyndan soň badamjany hem-de bolgar burçy gazana atmaly hem-de ählisini 5 minut gowurmaly.
Gowrulan gök önümleriň üstüne pomidor, sarymsak dogramaly we duz, gyzyl burç sepmeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, içine atylan önümler ýumşaýança (20 minut çemesi) bişirmeli.
Batyrma taýýarlanylanda oňa ýumurtga we gowurdak hem atylýar.
Işdäňiz açyk bolsun!
Şirin Allanazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.