SIZDEN GELENLER

XXI asyrda ýüze çykan “Senagat 4.0” düşünjesi

Önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi bilen önümleriň öndürilişi we ilatyň täze önümlere bolan islegleri has-da artýar. Ylmy-tehniki progresiň çalt depginlerde bolup geçmegi netijesinde önümçilige sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy.

Senagat taýdan ösen ýurtlarda bolup geçýän özgerişlikleriň netijesinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklyga uly üns berildi. XXI asyrda oba hojalygynda we beýleki önümçilik pudaklaryna “akylly” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy “Senagat 4.0” düşünjesi baglanyşyklydyr.

Sanly tehnologiýalaryň (mysal üçin robotlaryň) peýdalanylmagy önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegine getirýär. Bu bolsa “Senagat 4.0” adalgasyny häsiýetlendirip, özünde köp ünsi jemleýär.

“Senagat 4.0” düşünjesi häzirki zaman “akylly” tehnologiýalary we interneti peýdalanyp, ýönekeý üznüksiz önümçiligi hem-de onda toplanan tejribeleri dowam etdirip, giňeldilen üznüksiz önümçilige geçmek we bu ugurda düýpli özgertmeleri alyp barmakdyr. Bu düşünje integrasiýany we awtomatizasiýany ýokarlandyrýar, aragatnaşyk ulgamyny hem-de öz-özüňe gözegçilik etmegi kämilleşdirýär.

Adamlaryň arasynda “Senagat 4.0” düşünjesini marketing sözi diýip häsiýetnama berýänler hem bardyr. Şeýle-de bolsa bu düşünje adamyň durmuşynyň düýpli özgerişliklere beslenmegine getirýär we önümçilik işleriniň kämilleşmegine giň ýol açýar.

“Senagat 1.0”-dan (suw we bug energiýasy arkaly mehanizasiýa) “Senagat 2.0” adalgasyna geçilmegi ýuwaş-ýuwaşdan önümçiligiň ösmegine getirdi we olar “Senagat 4.0” adalgasyna başlangyç berdi.

Senagatyň ýuwaş-ýuwaşdan ösmegi bilen önümçilige kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylyp başlandy. “Senagat 4.0” adalgasynyň has-da kämilleşmegi bilen kompýuterler bir-birleri bilen birikdirilip başlandy we olaryň arasynda aragatnaşyklar ýola goýuldy. Netijede bolsa, häzirki wagtda robotlar arkaly önümçilik işleri alnyp alnyp barylýar.

Kiber-fiziki we internet ulgamlarynyň utgaşmasy “Senagat 4.0”-iň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar we “akylly” önümçilikleri hakykata öwürýär. Has köp maglumat almak üçin “akylly” tehnologiýalaryň bolmagy önümçiligiň öndürijilikli bolmagyna we öndüriji güýçleriň netijeli peýdalanylmagyna getirýär.

“Akylly” tehnologiýalarda ýerleşdirilýän ýörite datçikler arkaly ýygnalýan maglumatlary seljermek önümçiligiň ilerlemegine täsir edýär.

Köpler “Industriýa 4.0” adalgasy bilen deň derejede gitmek üçin şu günki gün öz işlerine birnäçe üýtgeşmeleri girizýärler we “akylly” geljege taýýarlyk görýärler. Kämil tehnologiýalary öwrenip, olary durmuşa ornaşdyrýarlar.

Kämil tehnologiýalar tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýärler, önümçilik we beýleki ýagdaýlar barada habar berýärler, şeýle hem adamyň hötdesinden gelmejek işlerini ýerine ýetirýärler. Olar ägirt uly maglumatlary toplaýarlar we özlerinde uzak wagtlap saklap bilýärler.

Öňde belläp geçişimiz ýaly, “akylly” tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy önümçiligiň ýokarlanmagyna, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döremegine getirer. Innowasion tehnologiýalar el bilen önümiň gözden geçirilişinde döreýän ýalňyşlyklary azaldýar we wagt hem-de önümçilik harajatlaryny tygşytlaýar.

                                                                                                   Mähri Begçaýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

mugallymy.

 

BäsleÅŸikler we tenderler barada…

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti