SPORT

“Mançester Ýunaýtediň” täze rekordy: 300-nji ýeňşi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary ýurduň futbol boýunça milli çempionatynda 300-nji ýeňşini baýram eden ilkinji topar boldy.

Angliýanyň “Premýer Liga” milli çempionatynyň 23-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” topary myhmançylykda “Brentford” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Ýunaýted” topary milli çempionatdaky 300-nji ýeňşini gazandy.

Bu üstünlik “Mançester Ýunaýted” toparyna Angliýanyň çempionatynda täze rekordy gazanmaga hem-de çempionatyň taryhyna adyny ýazdyrmaga mümkinçilik berdi.

“Mançester Ýunaýted” toparyna 300-nji ýeňşini gazanmaga mümkinçilik beren duşuşykda Antoni Elanga, Mason Grinwud hem-de Markus Raşford tapawutlandy. Toparyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo bolsa 71-nji minutda meýdançadan çykaryldy. Meýdançadan çykarylmagyna gaharlanan Ronaldonyň hereketleri sport neşirlerinde hem öz beýanynya tapdy.

 

Ýiti respirator kesellerden goranmak üçin…

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy