DÜNÝÄ

Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy

“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmak, bu ugurda döwlet meýilleşdiriş ulgamyny, bitewi milli ulag syýasatyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/glisirrizin-tursusyny-onduryan-karhananyn-gurlusygyna-girisilyar/

Related posts

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly üçin makala ýazypdy

Ata Watan Eserleri

Belarusda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçiriler