DÜNÝÄ

Rumyniýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploeşti şäherindäki Nebit-gaz uniwersiteti bilen bilelikde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy – parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda goşant” atly halkara maslahat geçirdi. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Bitaraplygyň parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin bu maslahata diplomatlar, alymlar we talyplar gatnaşdy. Uniwersitetiň rektory professor Alin Dinisa we Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Pawel Kasian Nițulesku gutlag sözleri bilen çykyş edip, energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Soňra Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamammet Annaýew çykyş etdi. Ol ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňden beýan edip, hemişelik bitaraplygyň parahatçylyk diplomatiýasynyň binýady we halkara jogapkärçilikli gatnaşyklaryň nusgasy hökmünde ähmiýetini belledi.

Maslahatyň dowamynda aýratyn üns ykdysady ugurlara, şol sanda “Hazar deňzi – Gara deňiz” ulag geçelgesi taslamasyna çekildi.

Çäre öz içine türkolog Margareta Aslanyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasy baradaky çykyşyny, wideoşekilleriň görkezilmegini hem-de milli tagamlaryň myhmanlara hödürlenmegini alan medeni maksatnama bilen jemlendi.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy