PEÝDALY MASLAHAT

5-nji we 17-nji belgili täze awtobus ugurlary üýtgedildi

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” hem-de 17-nji “Awtokombinat-Awtomenzil” üýtgedilen ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

  • 5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar   M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe –A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – N. Andalyp köçe – A. Berdiýew köçe – T. Suhanlyýew köçe – H. A. Ýasawy köçe – B. Annanow köçe – G. Kulyýew köçe bilen hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyndan yzyna G. Kulyýew köçe – B. Annanow köçe – H. A. Ýasawy köçe – T. Suhanlyýew köçe – A. Berdiýew köçe – N. Andalyp köçe – Görogly köçe – A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
  • 17-nji “Awtokombinat-Awtomenzil” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar   A.Nyýazow şaýoly – A.Garlyýew  köçe –Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly – O.Annaýew köçe – Arçabil aýlaw ýoly bilen hereket edip, “Awtomenzil” belleniş nokadyndan yzyna Arçabil aýlaw ýoly – O.Annaýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – Andalyp köçe – G.Bäşşiýew köçe – Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – A.Garlyýew köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

 

Täze açylan “Aşgabat” söwda merkezine awtobus gatnawy

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär