SIZDEN GELENLER

Gyşda sagdyn bolaýyn diýseňiz!

Ynsanyň elde edip biljek iň uly baýlygy saglygydyr. Şonuň üçin hem saglygymyzy goramalydyrys. Munuň üçin bolsa lukmanlar ýönekeý emma, örän wajyp birnäçe maslahatlary berýärler. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryny ýerine ýetirmek bilen siz diňe bir öz saglygyňyzy däl-de eýsem daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny hem goraýandygyňyzy unutmaň. Köpetdaga ilkinji garyň ýagmagy bilen gözel ülkämize gyş paslynyň gelendigini buşlady. Bu pasly hem keselsiz sagdyn geçirmek üçin siziň dykgatyňyyza birnäçe maslahatlary ýetirmegi makul bildik.

Gyş pasly bilişimiz ýaly garly, ygally möwsümdir. Bu döwürde ýyly geýinmek hökmandyr. Şeýle-de çygly eşikleri geýmekden daşda durmalydyrys. Çünki çyg geýilen eşikler birnäçe keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Geýýän egiň-eşikleriňiz hem bedeniňizi gysyp durmasyn. Bedeniňiziň dem almagy üçin özüňize rahat egin-eşikleri saýlaň. Gysýan aýakgaplary geýmekden hem gaça duruň. Çünki şeýle aýakgaplar siziň gan aýlanyşyňyzyň kadasyny bozar.

Gyş paslynda burnuňyzdan dem alyň. Şeýlelik-de burun geçelgelerinden geçýän howa bokurdaga barýança gyzýar, bu bolsa bokurdakda döräp biljek keselleriň öňüni alýar.

Her möwsümde zerur bolşy ýaly gyş paslynda hem immunitetiň güýçli bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem dogry iýmitleniň, ukyňyzy wagtly-wagtyna alyň. Bu möwsümde şeýle-de miweli içgileri köp içmek maslahat berilýär.

Gyşyň sowuk howasy bedenimizde deňagramsyzlygy döredýär, şonuň üçin hem gyzgyn içgileri içmek maslahat berilýär.

Fiziki işjeňligi hem ýatdan çykarmalyň. Statistika görä, sport bilen meşgullanýan adamlar az keselleýärler.

Witaminleri hem ýatdan çykarmaly däldiris. Günüň gysgalýandygy üçin bedene D witamin, şeýle hem C witamin, omega kislotalary, magniý, kalsiý we ýod  zerur bolup durýar. Emma, witaminleri ulanmazdan ozal lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.

Şeýle-de ýaşaýan ýeriňizde arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, otagyňyzy ýeljiredip duruň, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr araçägi saklaň, agyz-burun örtüklerini talaba laýyk dakyň.

Goý her biriňiziň janyňyz sag bolsun!

Ogulnabat Nobatowa

Türkmen döwlet bedenterbiýe we

sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi

kafedrasynyň mugallymy.

Çempionlar ligasy bijeleri: Messi bilen Ronaldo ýene-de duşuşýar

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk