BIZNES

“Time” žurnaly “ýylyň adamyny” saýlady

Dünýä belli “Time” žurnaly tarapyndan “ýylyň adamy” saýlandy. Ol “Tesla” hem-de “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjy Ilon Mask boldy.

Mälim bolşy ýaly, Ilon Mask üstümizdäki ýylda dünýäniň iň baý adamy boldy. “SpaceX” kompaniýasynyň abraýy has-da belende galdy.

Britan neşiriniň belläp geçmegine görä, amerikaly işewüriň howanyň üýtgemegi, emeli aňyň ösdürilmegi hem-de kriptowalýutanyň ulanylmagy babatda başlangyçlarynyň gyzgyn goldawa mynasyp boldy.

“Time” žurnalynyň baş redaktory Edward Felsenthal, 297 milliard dollar baýlygy bolan Mask üçin göni ýaýlymda eden çykyşynda “ýerdäki durmuşy we belki-de dünýäniň daşyndaky durmuşy üýtgedýär” -diýdi.

Felsenthal: “Soňky 12 aýyň dowamynda gazanylan üstünlikler sebäpli onuň hiç haçan ünsden düşmändigini gördük” -diýip belledi.

50 ýaşyndaky Masskyň beýleki kompaniýasy bolan “Tesla” kompaniýasynyň geljek ýyl “Tesla Bot” atly emeli intellektli gumanid roboty işläp düzüp, tehnologiýada öňe gidişlik etjekdigi habar berildi.

“Time” žurnaly 1927-nji ýylda döredileninden bäri her ýylyň ahyrynda “ýylyň adamyny” saýlaýar.

 

14-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

vepa

“Balam” konditer önümleri Özbegistana we Täjigistana eksport ediler

“JETRO” guramasyna Türkmenistanda wekilhanasy açmak teklip edildi